Medeniýetleriň ojagy

19 Noýabr 2024
230

Eziz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylda dabaraly, halkara ähmiýetli çäreler bir-birine sepleşip gitdi. 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler bolsa, giň gerimde, ýokary guramaçylykly geçirildi. Änewiň medeni mirasyny hem-de häzirki zaman üstünliklerini görkezmäge ýöriteleşdirilen çäreleriň has gadymy we orta asyrlaryň şaýady bolan bu şäheriniň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirmekde, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň ajaýyp ýadygärliklerini wagyz etmekde ähmiýetli bolandygy guwandyryjydyr.

Aslynda, Türki medeniýetiniň halkara guramasy tarapyndan Änew şäherine bu derejäniň berilmegi şäheriň taryhyna has kän ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň neşir edilmegi şöhratly taryhymyzy, baý medeni mirasymyzy giňden wagyz etmekde ähmiýetli waka boldy. Bu kitapda Änewiň umumadamzat medeniýetiniň taryhyndaky orny, türkmen halkynyň halklary ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri baýlaşdyrmaga goşant goşýan özboluşly milli ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berilýär. Adamzadyň medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe türkmen taryhynyň şöhratly geçmişini goýnunda saklaman, eýsem, külli türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Aşyrmuhammet MARLIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi, 3-nji derejeli ýurist.