960 minutyň 5 minuty ýa-da «Bir sahypa — bir roman» ýörelgesi

18 Noýabr 2024
283

Ýazgylarymyza gije-gündiziň minutlaryndan netijeli peýdalanyp bilmek baradaky ýönekeýje hasaplamalar bilen girişeliň! Bu hasapdan hem gije uklaýan wagtymyzy aýryp, hamana, ir sagat 07:00-da oýanýarys, giçlik bolsa 23:00-da ýatýarys diýip hasap ýöredeliň! Bu aralykda 16 sagat bar. 16 sagada 960 minut ýerleşýär. Şunça minutyň 955 minutyny başga işler üçin sarp edip, bary-ýogy 5-je minutyny kitap okamak üçin aýryp bilersiňizmi? Munuň üçin günüň dowamynda eliňiziň boşrak wagtyny saýlap bilersiňiz. Esasy zat: şol 5 minuty tapmak.

Bolmajak zat däl, şeýlemi? Telefonymyzy elimize alyp, jemgyýetçilik torlaryndaky suratlardyr wideolary dörüşdirip çykmak üçin hem azyndan 10 ― 15 minutymyzy harçlaýarys. Özi hem bir gezekde. Günüň dowamynda bolsa şeýle «dörüşdirmeler», gör, näçe gezek bolýar?! Işiňiz hernäçe gyssaglam bolsa, mawy ýaýlymda görkezilip duran bir gyzykly filmiň «şujagaz ýerinem göreýinleriňiziň» wagt aralygy käte ýarym sagada çenli uzap bilýär. Kimdir birine möhüm bir mesele bilen jaň etseňiz hem, möhüm däl gürrüňler ara goşulyp, bu söhbetdeşlik meýilleşdireniňizden has uzaga çekip bilýär. Garaz, günüň dowamynda 960 minutyň 5 minutyny kitap okamaga aýyrmak üçin wagt ýeterlik. Esasy zat: islemek. Ýürekden isleseňiz, siziň has köp wagty tapyp biljekdigiňize hem ynanýarys.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.