■ Kitaplar. Köp-köp kitaplar daş-töweregime üýşüp dur. Okalmaly kitaplara görä okamaly kitaplaryň köpräk bolmagyny isleýän. Okadygymça-da, okalmaly kitaplar has köpelip gidip otyr... mundan alty ýyl ozal ýazan bir belligim öňümden çykdy. Onuň içinde pany dünýä bilen hoşlaşyp — eňek atyp ýatan Mäne baba-da bardy. Goja pir bu ýagdaýyň — okamagyň ahyrky pursada çenli dowam etmelidigini sargaýardy. Ine, şol ýazgy...
1582-nji ýylda Rim papasy Grigoriý XIII katolik ýurtlarda öňki ýulian senenamasyna derek grigorýan kalendaryny girizýär. Şoňa laýyklykda, şol ýylyň 4-nji oktýabryndaky penşenbe gününiň ertesi göni 15-nji oktýabr, anna güni bolýar. Bu maglumaty okadym-da, taryhdan gaçyp galan, ýagny atsyz-sorsuz ýitip giden şol günler barada oýlandym. Diňe bir goja taryhyň, senenamanyň ýitiren bu günleri barada däl-de, adamlaryň her biriniň ömründe bolup biläýjek ýitirilen günler barada çynlakaý oýlandym.