Ýurdumyzda oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, oňa öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, 11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynyň özenini hem ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky maglumatlar düzdi.