Ahlak duýgularynyň iň naýbaşysy hasaplanýan watansöýüjilik duýgusy her bir ýaş ynsanyň baky hemrasy bolmalydyr. Dogduk topraga, ata Watana söýgi, adamlara hormat-sarpa bilen garamak milli dahyllylygy, dünýägaraýşy kemala getirýär. Watanyny söýýän adam bagtyýardyr. Watansöýüji ynsan öz raýatlyk borjuna wepaly bolup, ýurduň ösüşlerine we şan-şöhratyna mynasyp goşant goşýar, şahsy bähbitlerini jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşdyrýar. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Şundan ugur alsak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we millilik ruhunda terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Şol wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmekde mekdep, maşgala bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyza uly orun degişlidir. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen guramamyz häzirki wagta çenli bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. Şunuň bilen birlikde, Ýaşlar guramamyz ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmakda, olaryň döredijilige, sungata, ylma, sporta bolan ukyplaryny ýüze çykarmakda hem ençeme çäreleri durmuşa geçirýär. Şu jähetden, şu gün esaslandyrylanyna 33 ýyl dolýan Ýaşlar guramamyzyň häzirki alyp barýan we geljekki meýilleşdirýän işlerine gysgaça nazar aýlamagy makul bildik.
ŞU DIÝARDYR OWAL-AHYR YŞKYMYZ