Soky

12 Noýabr 2024
279

Ata-babalarymyzyň geçmiş-taryhda hojalyk hajatlary üçin ulanan senetleriniň ençemesi wagtyň geçmegi bilen muzeý gymmatlyklaryna öwrüldi. Şeýle senet gurallarynyň biri-de sokudyr. Soky içinde galla ýagny, bugdaý, arpa we şuňa meňeş ekinlerden alynýan hasyly — dänäni owradar, döwer ýaly içi köwlüp aýrylýan, köplenç agaçdan, demirden, daşdan ýasalýan hojalyk enjamydyr. Agaç sokular güjüm, erik, tut ýaly gaty, berk agaçlardan ýasalypdyr. Neçjarçylyk ýagny, agaç ussaçylygyny sungat derejesine ýetiren ata-babalarymyz gündelik durmuşynda ulanan sokulary iki görnüşde: pes we dik görnüşde ýasapdyrlar. Kiçiräk süýri ýa-da tegelek şekilli pes görnüşde ýasalan sokular oturyp işlemekde amatly bolupdyr. Boýy dik görnüşde ýasalan sokular aýak üstünde durup işlemäge niýetlenilip ýasalypdyr. Sokularda bugdaý, şaly, jöwen, şeýle-de semeni gaýnatmak üçin gögerdilen bugdaýy döwmek ýaly işleri esasan hojalykda zenan maşgalalar ýerine ýetiripdirler. Sokuda döwlen bugdaýyň tagamynyň özboluşly üýtgeşik bolýandygyny ýaşy birçene baran gojalarymyz, mähriban enelerimiz aýdýarlar. Oturyp ýa-da dik durup el güýji bilen işledilýändigi üçin sokular «el soky» diýlip hem atlandyrylypdyr. Agaçdan ýasalansoň, «agaç soky» hem diýlipdir. Agaçdan edilýän sokudaşyň uzynlygy 80-90 santimetr çemesinde bolupdyr. Agaç sokudaşyň ortasy iki el bilen gysymlap tutar ýaly kertik we inçe bolýar. Pederlerimizden miras galan bu gadymy öý-hojalyk guralynyň häli-häzirem, esasan-da çarwa obalarynda ulanyşdan galmandygyny muzeý işgärleri aýdýarlar. Ýeri gelende, el güýji bilen şalyny döwmek, gabygyny arassalamak ýaly işlerde pederlerimiziň sokular bilen birlikde teň, ýargyjak ýaly gurallardan peýdalanyp gelendiklerini-de belläp geçmek gerek.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý milli mirasyny içgin öwrenip, ýaş nesillerimize ýetirmek, olarda köpöwüşginli mirasymyza söýgi döretmek, bütin dünýä ýaýmak ýaly asylly, döwletli işler giň gerimde dowam edýär. Çünki Watana bolan söýgi her bir ynsanda, öz halkynyň milli mirasyna bolan söýgüden başlanýar.

Bägül MÄTJIÝEWA,
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.