Milli lybasym

11 Noýabr 2024
318

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär» diýip belleýär. Pederlerimiziň ukyp-başarnygy bilen hünärli gollaryndan çykan lybaslary nepisligi, milli aýratynlygy bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşup gelipdir. Bu ugurda oglanlar üçin döredilen «akgaýma» tahýalara, gyzlar üçin niýetlenen «gültahýalara», gelinler üçin taýýarlanan gülälekli sährany ýada salýan gyzyl ketenilere, kürtelere, mährem enelerimiz üçin dokalan düýpli gyňaçlara, ýigitler üçin dokalan gyrmyzy donluklara, ýaşululara niýetlenip dokalan çäkmenlik matalara, olardan tikilen lybaslara nazaryň düşende, gözüň dokunyp, bu ugurda yhlas edýän ussatlara guwanjyň artýar. Şeýle ussatlaryň biri hem il arasynda Kakajan telpekçi ady bilen tanalýan Rejep Rejepowdyr. Biz Rejep aga bilen milli lybaslar hakynda pikir alyşmak üçin onuň kiçiräk muzeýi ýada salýan dükanyna bardyk.

Rejep agadan bu asylly käre başlaýşy barada soranymyzda, ondan «kakamdan ýa atamdan öwrendim» diýen hörpdäki jogaba garaşdyk. Ýöne alan jogabymyz başgaça boldy. Ol:

Güljemal AMANMYRADOWA,
«Watan».