Jandarlaryň keşbi zenan el işlerinde

6 Noýabr 2024
354

Keşde çekmek, haly, palas dokamak türkmen zenanlaryna has irki döwürlerden mahsus bolup, olar gelin-gyzlaryň çagalykdan öwrenýän hünäri bolupdyr. Keşde-gaýmalarda, dokmaçylyk önümlerinde oňa salynýan nagyşlaryň özboluşly atlary bolup, olar, esasan hem, çemenzarlyklaryň, sähra-düzleriň, haýwanlaryň, guşlaryň, asman jisimleriniň atlary bilen baglanyşyklydyr. «Çynar», «maralgoçak», «tazyguýruk», «güjük yzy», «at toýnak», «garlawaç guýruk», «guşly», «Aý», «doly Aý», «on bäş Aý», «ýylanöwük», «goçak», «iner dişi», «düýe göz», «gowaça gül», «kädi gül», «kepderi», «atgulak», «kebelek» ýaly nagyşlar öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdypdyrlar. Ähli barlygy inçeden yzarlamagy, syzmagy ussatlyk bilen başaran ene-mamalarymyz türkmen tebigatynyň nagyşlardaky beýany bolan el işlerini öz durmuşlaryna mahsus, gündelik görüp ýören janly-jansyz ähli närselerinden meňzetme alyp döredipdirler, daş-töweregini gurşap alan gözellikden bolsa ylham alypdyrlar. Keşde hem dokma nagyşlarynda duş gelýän «tazyguýruk», «güjük yzy», «iner dişi», «at toýnak» ýaly nagyşlaryň atlary her bir türkmen ojagyna mahsus bolan öý haýwanlarynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Pederlerimiziň ite bolan hormatyny behişdi bedewlerimize goýulýan sarpa bilen deňeşdirmek mümkin. Maşgalanyň bir agzasy hökmünde at goýlup, ýörite idedilmegi, şejere daragtynyň yzarlanmagy, seçgi geçirilmegi, tohum arassalygynyň saklanmagy türkmen ojagynda alabaýyň sarpasynyň niçiksidigini äşgär edýär. Hatda gadymy otparazlyk dininiň mukaddes kitaby «Awestanyň» tutuş iki baby bu jandaryň wepalylygyna bagyşlanýar. Änew, Ajyguýy ýaly ýadygärliklerden olaryň ýörite dessur bilen jaýlanan ystyhany ýüze çykarylsa, Altyndepede, Gäwürgalada, Hazarekdepede arheologlarymyz tarapyndan heýkelleri tapyldy.

Gadymy ata-babalarymyz tarapyndan heýkelleriniň ýasalmagy, keşbiniň möhürlere, dag gaýalaryna, jaýyň diwarlaryna haşamlanyp çekilmegi alabaýlaryň halkyň ruhy dünýäsinde hem aýratyn orun tutandygyny tassyklaýar. «Tazyguýruk», «güjük yzy» nagyşlary salnan keçe-palas önümleriniň ak öýüň bosagasyna ýazylmagy halkymyzyň itiň ojagy erbet ruhlardan goraýandygy baradaky gadymy ynançlaryndan gözbaş alýar.

Jennet ALOWOWA,
Daşoguz şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.