Ömür ýolumyzyň şamçyragy

6 Noýabr 2024
308

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Ak sakgaly nurana ýüzüne gelşik berip duran goja mekdepden gelen agtygyny mähir bilen garşylady. «Hany, balam, bu gün mekdepde nämeler öwrendiňiz?» diýip, çaý başynda onuň okuwy bilen gyzyklandy. «Köp zat öwrendik, ata, iň esasy-da, mugallymymyz perzendiň ata-enäniň öňündäki borjuny düşündirdi» diýip, agtygy jogap berdi. Gojanyň nurana ýüzi has-da ýagtyldy. «Gowy zat, balam. Her kim öz ata-enesiniň öňündäki borjuny bilmelidir we berjaý etmelidir. Şeýtse, heran-haçan öz ogul-gyzy hem onuň göreldesine eýerer. Şeýdibem özboluşly zynjyr emele gelip, asylly ýörelge nesilden-nesle dowam eder. Bu bolsa ynsan balasy üçin iň esasy zatdyr»...

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».