Kappadokiýanyň asmanyny bezän howa şarlary

5 Noýabr 2024
345

akyldar şahyrymyzyň şanly ýubileýini dabaralandyrdy

«Kappadokiýa» diýlende, köpiňiziň ýadyňyza, ilki bilen, säher wagty, açyk asmanda ondan-oňa gaýmalap ýören howa şarlary düşse gerek, megerem. Sebäbi hut şol şarlar Türkiýäniň bu meşhur syýahatçylyk merkeziniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Aslynda, ýurduň ýüreginde ýerleşýän bu künjek erteki kysmy täsinliklere örän baý. Tebigatyň «suratkeşlik eseri» bolan ajaýyp peýzažlar dag belentlikleridir jülgeler bilen utgaşýar-da, bu ýerini has gözel keşbe eýe edýär. Gadymy hettleriň dilinden terjime edilende, ady «Ajaýyp atlaryň ýurdy» diýmegi aňladýan, geçmişde jahany baglan imperiýalaryň düzümine giren Kappadokiýa sebiti taryhyň janly şaýady bolan tutuş şäherleri, ýadygärliklerdir ybadathanalary hem öz goýnunda jemleýär. Ine, şu aýratynlyklary bilenem ol bu gün Zeminiň dürli künjeginden gelýän syýahatçylardyr jahankeşdeleri özüne çekýär. Güýzüň soňky aýynyň başynda bolsa bu ýerde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şanly ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerim aldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».