Nebitgaz guýularyny kislota bilen işläp bejermek

4 Noýabr 2024
378

Häzirki wagtda işlenip geçilýän nebitgaz känleriniň ulanyş guýularyndan çykarylýan önümleriň mukdaryny uzak möhletleýin ýokarlandyrmak üçin täze, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak zerurdyr. Bu işler ylmy taýdan esaslandyrylyp, önümçilige ornaşdyrylanda, has-da ýokary netijeleri gazanmak bolar.

Dykyz, pes syzdyryjylykly geçirijilerde guýynyň düýp çuňlugyna nebitgazyň akymy basyşlaryň uly aratapawudyna (uly depressiýa) garamazdan, käwagt örän az bolýar. Gysyp ýygnaýjy guýular şeýle geçirijilerde uly gysyp ýygnama basyşynda hem suwy örän haýal kabul edýär. Şeýle guýularda akymy ýa-da kabul edijiligi ýeňletmek üçin olaryň geçirijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen düýp çuňluk zolagyň dag jynslaryna emeli täsir etmeklik ulanylýar. Bu ýagdaýda ganaw (drenaž) kanallaryň sany we ölçegleri, dag jynslarynyň jaýryklary emeli taýdan ulaldylýar, şeýle hem öýjükli kanallaryň diwarynda çöken şepbik, parafin emele gelmeler aýrylýar. Düýp çuňluk zolaklara täsir ediş häsiýetleri boýunça onuň geçirijiligini ýokarlandyrmagyň usullaryny üç sany esasy topara bölmek bolar: mehaniki, himiki we ýylylyk usullary. Has-da oňat netijeleri almak üçin, köplenç, bu usullar biri-biri bilen utgaşdyrylyp ýa-da olar yzygiderli ulanylýar.

Sapargylyç DURDYGYLYJOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri.