Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat

3 Noýabr 2024
345

Pederlerimiziň çuň paýhasy siňen şu dürdäne pähimi okanyňda, bilime näderejede bahasyna ýetip bolmajak hazynadygyna akyl ýetirýärsiň. Elbetde, «Bir — okana, bir — dokana», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Göz bar — görmek üçin, akyl bar — bilmek üçin» diýip ündän ata-babalarymyz bilimlilige örän uly ähmiýet berip, bilimli bolmagy nesillerine nesihat edip gidipdirler.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýylsaýyn täze-täze özgertmeler amala aşyrylyp, dünýä ülňülerine laýyklykda, has-da kämilleşdirilýär. Bu barada şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz
Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda: «Döwlet býujeti ykdysadyýetimizi meýilleşdirmegiň möhüm guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyndan bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, önümçilik, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeler gönükdirildi» diýip belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň şu sözlerinden görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşleriň özeninde kämil bilimli şahsyýetlere örän uly orun degişlidir. Şu maksatdan ugur alyp, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilimi kämilleşdirmegiň ösen tejribesine laýyklykda okatmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Göwher ŞÜKÜROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy.