Köpýyllyk hyzmatdaşlyk, täzeçil çemeleşmeler

1 Noýabr 2024
322

Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklary okgunly häsiýete eýedir. Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan oňyn dialog iki ýurduň köpýyllyk hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, 30-njy oktýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Ilkinji nobatda, duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garalandygyny we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlarynyň kesgitlenendigini bellemek gerek. Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň — ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda, bank we maýa goýum pudaklarynda, işewürlik ýaly ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Nesil».