Bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler

30 Oktýabr 2024
326

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýan zamanasydyr. Agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň gözbaşyny bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginde görýän hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan özgertmeleri, ulgamy dünýä derejesinde kämilleşdirmek boýunça tutumlary ata-babalarymyzyň parasatly wesýetleridir asylly ýörelgelerine daýanyp, halkymyzyň ylymly-bilimli, Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde toplan köpasyrlyk tejribesini özünde jemleýär. Ýurdumyzda häzirki zaman okuw-tehniki enjamlary, görkezme esbaplary bilen üpjün edilen bilim ojaklary ýaş nesliň çuňňur bilimli, giň gözýetimli bolmaklaryny gazanmaklygyň döwlet syýasatynyň esasy üns berilýän ugurlarynyň biridiginiň anyk subutnamalarydyr.

Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy arkaly ulgamyň mümkinçiligi has-da ýokarlandy. Okadylýan sapaklar boýunça berilýän maglumatlar ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça dünýä tejribesi, öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Munuň özi okatmagyň innowasion usullaryny giňden peýdalanmaga we öwredilýän maglumatlar bilen umumy netijeliligi artdyrmaga, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga täze şertler döredýär. Sanly tehnologiýalaryň esasynda kämilleşýän bilim ulgamynda hünärlere ýöriteleşdirilen, döwrebap okuw, lingafon otaglarynyň hem-de beýleki mümkinçilikleriň bolmagy ukyply we başarnykly hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge ýardam edýär.

Dawut DURDYÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.