Dil — baýlyk

29 Oktýabr 2024
382

Dil her bir ýurduň milli gymmatlygy, her bir halkyň ruhy baýlygy hasaplanýar. Şol sanda türkmen halkynda-da dil bilmek uly baýlykdyr. Dil öwrenmek, ýaş nesilleriň üç dili suwara bilmeklerini gazanmak milli bilim syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, eziz Diýarymyzda dil bilimi kämil derejede ösdürilip, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, dil merkezlerinde dünýä dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar, ony okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Munuň özi daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlaryň kemala gelmeginde möhüm ähmiýetlidir.

Halkymyzda: «Dil bilen köp biler», «Diller dünýä ýol açýar» diýilýär. Dil bilmek adamzat medeniýetine, kämil ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň, giň dünýägaraýşyň açarydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary ýurtlar bilen dürli ugurlardaky hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dünýä dillerini gowy bilýän kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyna zerurlygy artdyrýar. Dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda, olaryň milli ýörelgelerini, medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmekde dil bilmek esasy serişde bolup durýar. Şu jähetden, ýokary okuw mekdebimizde hem talyp ýaşlara iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmek, nazary we amaly bilimlerini berkitmek, olarda iňlis dilini çuňňur öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak ugrunda yhlas-başarnygymyzy gaýgyrmaýarys. Munuň üçin sözleýiş dilini köp ulanyp, talyplaryň söz baýlygyny artdyrmaga, sapaklary sorag-jogap arkaly gurnap, sözleýiş dilini ösdürmäge köp üns berýäris. Görkezme esbaplaryndan, wideoşekilli görnüşlerden peýdalanmak, terjime etmek sowal-jogap alyşmak ýaly usullaryň ulanylmagy ýaşlaryň dil baýlygynyň ösdürilmegine oňyn täsir edýär. Daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly ulgam arkaly ylmy maslahatlaryň, dürli dil bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlarda daşary ýurt dillerine gyzyklanmanyň has-da artmagyna ýardam edýär.

Merjen BAÝRAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň diller kafedrasynyň iňlis dili mugallymy.