«Magtymguly, sözlerim saza goşsaň, uz bolar»

28 Oktýabr 2024
339

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi şanly ýylymyzyň her gününi toý-baýramçylyga öwürdi. Nusgawy kompozitorlaryň saz eserlerinden düzülen dabaraly konsert bilen utgaşan şeýle çäreleriň biri welaýat çagalar sungat mekdebinde geçirildi. Bu mekdebiň mugallymlarynyň hem-de zehinli okuwçylarynyň taýýarlan «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň, uz bolar» atly aýdym-sazly dabarasyna welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmenleri, welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenabat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Agamyrat SOLTANOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.