Körpelerde okamak endiklerini ösdürmek

27 Oktýabr 2024
634

Körpäniň alty ýaşyny dolduryp, mekdebe gitmegi ata-ene üçin buýsandyryjy wakadyr. Şondan soňra çagany mekdebiň düzgün-tertibine öwrenişdirmeli bolýar. Onuň çagalyk ýaşaýyş-durmuşynda üýtgemeler bolup geçýär. Çagalar bagynyň gündelik geçilýän okuw sapaklaryna garamazdan, onuň esasy işi oýun bolsa, indi ol diňe okamaly, öwrenmeli bolýar. Çaga üçin beýle ýagdaýlara uýgunlaşmak aňsat düşmeýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilýän okuw sapaklary mekdepdäkiden düýpli tapawutlanýar. Bu ýerde çaganyň hem oýna, hem sapaga bolan gyzyklanmasyny sazlamak, elbetde, terbiýeçi mugallyma bagly bolup durýar. Çaga berk düzgünlere, talaplara duçar bolýar. Meselem, sapagy ünsli diňlemek, mugallymyň sowalyna jogap bermek, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmek, sapaklaryň tertibi, mugallyma ýüzlenişi we şuňa meňzeş ýagdaýlar çagalarda belli bir kynçylygy we jogapkärçiligi döredip bilýär. Ýuwaş-ýuwaş çagada öz deň-duşlaryna, ululara garaýşy üýtgeýär. Şu döwürde terbiýeçiniň çagalara has ýakyn bolmagy, olar bilen yzygiderli söhbetdeşlikleri geçirmegi möhümdir.

Mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda çagalar hemmetaraplaýyn mekdebe taýýarlanylýar. Olaryň ünsi, ýatkeşligi, pikirlenmesi, duýgulary, başarnyklary ösýär. Ata-enäniň çagany mekdebe taýýarlamak üçin öýde özbaşdak okamagy we hasaplamagy öwretmegi ýeterlik däldir.

Gülşan ÖWEZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.