Sahna — dostluk köprüsi

24 Oktýabr 2024
369

18-20-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly uly üstünliklere beslenip geçirildi

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş eden ýurdumyzyň we dostlukly ýurtlaryň tanymal sahna ussatlary halkara medeni çäräniň türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä bolup toýlanylýan ýylynda geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Festiwalda görkezilen spektakllar dostlukly halklaryň milli däp-dessurlary, ruhy-ahlak gymmatlyklary, halk döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilikleri döretdi.