Ýürekleriň kelamy

24 Oktýabr 2024
346

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

2022-nji ýylyň 4—6-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl  «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu halkara gurama tarapyndan türki halklaryň dost-doganlygyny berkitmek, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda köp işler ýerine ýetirildi.

Hangeldi ANNABAÝEW,
Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.