Saz dünýäsiniň ägirdi

22 Oktýabr 2024
348

Mukamly dünýä. Onuň syrlylygy, jadylylygy kalbynda zehin üşügi bolany dessine özüne kökerýär. Türkmeniň meşhur sazandasy Täçmämmet Suhangulyýew hem köňli sungata örklenen ýiti zehinlerdendi.

Golaýda Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda halypa sazanda Täçmämmet Suhangulyýewiň doglan gününiň 160 ýyllygy mynasybetli «Halypalaryň mekdebi — halkyň ruhy mirasy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda halypa bagşy-sazandalar, saz öwreniji alymlar, medeniýet işgärleri söz sözlediler, halypa sazandany ýatladylar, onuň döredip giden mukamlarynyň gymmaty hakynda aýratyn durup geçdiler. Duşuşykda meşhur sazşynas, Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparow Täçmämmet aganyň Gulgeldi ussadan tälim alandygyny, ýigitkä Amangeldi Gönübek bilen görşendigini, Kel bagşy ady bilen adygan — Allaberdi Aýdogdy ogly bilen köp tirkeşendigini gürrüň berdi. Kel bagşynyň hem Täçmämmet aga öwreden zatlarynyň az-küje däldigini halypa aýratyn belledi.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.