Röwşen geljegimiziň şuglasy

20 Oktýabr 2024
440

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimi ösdürmekde, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara bilim bermek, olary belli bir hünärlere ugrukdyrmak, saýlap alan hünärlerine söýgi döretmek ýaly örän jogapkärli işlerde bilim işgärleriniň, esasan hem, mugallymlaryň uly orny bardyr. Şunda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli terbiýe mekdebini giňden peýdalanmak özüniň oňyn netijelerini berýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda durmuş pelsepesiniň dürli pursatlarynda kämilleşip, biziň günlerimize ýeten baý pedagogik mirasy bolan halk döredijilik eserlerimiziň dürli görnüşlerinde adamzadyň gaýtalanmajak ruhy mirasyna öwrülen gymmatlyklary saklanýar. Şunda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde nusgawy edebiýatyň hem ähmiýeti uludyr. Nusgawy edebiýatda beýan edilýän ynsanperwerlik, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly ýörelgeler ýaşlaryň terbiýesine oňyn täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän işler döwrebap mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Şeýle döwrebap mümkinçilikleri bilim özgertmelerinde hem aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeler esasynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa okatmagyň hilini ýokarlandyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak, umuman, döwrebap şertleri üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Güljemal GURBANOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.