Täsirli geçen duşuşyk

17 Oktýabr 2024
478

16-njy oktýabrda Änew şäheriniň «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen «Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşyk ähli dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu möhüm çäre meşhur taryhçy alymlar W.Massonyň we W.Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli hem-de olaryň türkmen taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmatlarynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen geçirildi.

Bu dabaraly duşuşyga dünýäniň dürli künjeklerinden taryhçy alymlar, arheologlar we ýurdumyzyň öňdebaryjy ylmy işgärleri gatnaşdylar. Olar ýurdumyzda milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi babatda alnyp barylýan işler barada täsirli çykyşlar etdiler. Şol çykyşlarda alymlar Massonyň we Sarianidiniň Goňurdepe, Altyndepe we Merw ýaly gadymy siwilizasiýalaryň merkezlerinde alyp baran gazuw-agtaryş işleriniň taryhy gymmatlygy aýratyn nygtaldy.

Myrat ADALAKOW,
«Bereketli toprak».