Okuwçylaryň söz baýlygyny artdyrmak

15 Oktýabr 2024
601

Ynsanyň ömrüne baky hemra bolýan gymmatlyklaryň biri hem ene dilidir. Çünki dil ynsanyň pikirlenişi, oý-hyýallary bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem her bir adamyň öz pikirlerini kämilleşdirmegi üçin dil baýlyklaryny ösdürmegi gerekdir. Bu barada türkmen dili dersinden guraýan sapaklarymyzda hem temalar boýunça okuwçylaryň doly düşünmeklerini, maglumatlary özleşdirmeklerini gazanmaga çalyşýarys. Sapagyň ahyrynda we öýe ýumuş hökmünde okuwçylara türkmen diliniň düşündirişli sözlükleriniň I-II tomlary, orfografik sözlügi bilen aýratyn işlemeklerini tabşyrýaryn. Okuwçylara düşündirişli sözlüklerden on sözi, orfografik sözlükden hem on sözi ulanyp, sözlem içinde getirip, tekst düzdürýärin. Okuwçylaryň düzen tekstlerini birek-birege okadýaryn, ýalňyşlaryny ýüze çykarmaklaryny tabşyrýaryn. Soňra okuwçylar bilen ýalňyş üstünde bilelikde işlenilýär. Bular barada okuwçylaryň depderlerine bellik etdirýärin.

Dil bilen baglanyşykly ençeme alymlaryň, dilçileriň, akyldarlaryň parasatly sözlerini hem okuwçylara ýatdan öwredýärin. Olara parasatly sözleriň manysy barada öz pikirlerini aýtdyrýaryn.

Mekan ÝARGULYÝEW,
Hojambaz etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.