Saglyk — bagtyýarlygyň sakasy

9 Oktýabr 2024
560

Watan düşünjesi özüniň beýikligi, gymmatlygy, şeýle-de çuňňurlygy bilen gaýry düşünjelerden tapawutlydyr. Bilermenleriň aglabasy hem bagtlylygyň manysyny düşündirenlerinde, ony ynsanyň ýaşaýan topragy bilen baglanyşdyrýarlar. Çünki Watan düşünjesi ýüreklerde ýaşaýar. Onsoň, niçikmi, ýüregiňde ýaşaýan gymmatlykdan, beýiklikden gaýry saňa lezzet berjek başga näme bolsun?! Bu gün bagtyýarlygyň eşretlerini görüp hem duýup ýaşaýan halkymyzyň guwanjy çäksizdir. Çünki biziň Diýarymyz hut bagtyň mesgenidir. Döredilip berlen bu ummasyz ajaýyplyklaryň sakasynda bolsa peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk üns-aladalary bar. Äleme nusgalyk tagallalaryň netijesinde bolsa, her bir ulgamda ösüşe sary ilerleýän ýurdumyzyň abraýy günsaýyn dünýä giňişliginde aýdyň şöhlelenýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi hem şaýatlyk edýär.

* * *

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».