Sport tä­ze ösüş eý­ýa­myn­da

4 Oktýabr 2024
295

Ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, şu ýy­lyň 6-njy sent­ýab­ryn­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­ny bi­ra­gyz­dan ka­bul et­di. Bu res­mi­na­ma dün­ýä­niň 87 döw­le­ti­niň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gi onuň tu­tuş adam­zat üçin mö­hüm­di­gi­niň we ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.