Gün be­ket­le­ri­niň sa­ny art­ýar

4 Oktýabr 2024
347

Ang­li­ýa­nyň «Em­ber» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan tä­ze mag­lu­mat­na­ma­syn­da şu ýy­lyň do­wa­myn­da gu­rul­jak tä­ze Gün be­ket­le­ri­niň umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň 593 GW bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 29 gö­te­rim köp diý­me­gi aň­lad­ýar. Mag­lu­mat­da, Gün be­ket­le­ri­ne ma­ýa go­ýum goý­ýan ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri­niň hem dur­nuk­ly ös­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Hy­taý, ABŞ, Hin­dis­tan, Ger­ma­ni­ýa we Bra­zi­li­ýa Gün ener­gi­ýa­sy pu­da­gy­na has köp ma­ýa gö­nük­dir­ýär. Tä­ze gu­rul­jak Gün be­ket­le­ri­niň 75 gö­te­ri­mi bu bäş ýur­da de­giş­li bo­lar. Hy­ta­ýyň şu ýy­lyň do­wa­myn­da işe gi­riz­jek Gün pa­nel­le­ri ener­gi­ýa­nyň bu aras­sa çeş­me­si­niň önüm­çi­li­gi­ni 28 gö­te­rim art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li dün­ýä­de tä­ze önüm­çi­li­ge goý­be­ril­jek Gün be­ket­le­ri­niň 56 gö­te­ri­mi Hy­ta­ýa de­giş­li bo­lar. Bu bol­sa, ýur­duň Gün be­ket­le­rin­den al­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 334 GW art­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.

Gün pa­nel­le­ri­niň hal­ka­ra söw­da­sy hem art­ýar. Pa­kis­tan we Sa­ud Ara­bys­ta­ny ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri her aý­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 1 GW-dan köp bo­lan pa­nel­le­ri im­port et­di. Ýy­lyň il­kin­ji ýe­di aýyn­da Pa­kis­tan 12,5 GW Gün pa­nel­le­ri­ni sa­tyn al­dy. Bu gör­ke­zi­ji Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da 9,7 GW bol­dy. Pa­nel­ler otur­dy­lyp, önüm­çi­li­ge baş­la­nan ýag­da­ýyn­da bu iki ýurt Ger­ma­ni­ýa, Bra­zi­li­ýa we Hin­dis­tan ýa­ly Gün ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­ýän iri ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şu­lar.