100 million ulag öndürdi

4 Oktýabr 2024
344

Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 57-nji ýy­lyn­da 100 mil­lio­nyn­jy ula­gy­ny ön­dür­di. Kom­pa­ni­ýa 50 mil­lio­nyn­jy ula­gy­ny 2013-nji ýyl­da ön­dü­rip­di. Bu bol­sa, kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zi­re çen­li ön­dü­ren ulag­la­ry­nyň ýa­ry­sy­ny soň­ky 11 ýyl­da ön­dü­ren­di­gi­ni aň­lad­ýar. 1967-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kom­pa­ni­ýa 1978-nji ýyl­da 5 mil­lio­nyn­jy ula­gy­ny çy­kar­ýar. Bu bol­sa, ko­reý bren­di­niň soň­ky ýyl­lar­da has ýo­ka­ry ösüş ga­za­nan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Ul­san za­wo­dyn­da ön­dü­ri­len 100 mil­li­on 1-nji ulag «Hy­un­dai Ioniq 5» da­ba­ra­ly ýag­daý­da eýe­si­ne gow­şu­ryl­dy. 1968-nji ýyl­da açy­lan bu önüm­çi­lik des­ga­sy ko­reý aw­tou­lag se­na­ga­ty­nyň dün­ýä inen ýe­ri ha­sap­lan­ýar. 1975-nji ýyl­da köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­ge goý­be­ri­len il­kin­ji ko­reý ula­gy bo­lan «Pon­ty» hem bu ýer­de ön­dü­ri­lip­dir.

Mäh­ri DUR­DY­ÝE­WA,