Zenanlar guramasynda

3 Oktýabr 2024
541

Dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen, ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çözgütleriň, kararlaryň taryhy ähmiýetini zenanlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, «Halk Maslahaty — jemgyýeti ösdürmegiň esasy ýoly» ady bilen maslahat geçirildi. TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de Daşoguz şäher guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Mejlisiň zenan deputatlary, edara-kärhanalaryň zenan ýolbaşçylary, ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, mährem eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.