Parahatçylyk — berkarar döwletimiziň mizemez binýady

2 Oktýabr 2024
420

Döwri bilen galkynan, Hak tarapyn ýalkanan mukaddes Watanymyzyň her bir güni köňüllere unudylmajak aýdymlar deýin baky ýazylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan galkynyşyň hem-de gülleýşiň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde giňden tanalýar. Geçen hepdäniň dowamynda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakalar, şanly seneler munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklady.

Azatlygyň, erkinligiň bagt daňyny atyran mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giň gerimde bellenip geçilmegi il agzybirliginiň, ýurt abadançylygynyň ýene-de bir gezek aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi. Paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky taryhy mejlisi tutumly toýuň dabarasyny, many-mazmunyny has-da artdyrdy. Taryhy mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary, ýurdumyzy ösdürmek babatynda öňde goýan anyk wezipeleri ildeşlerimizi el-ele berip, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

«Daşoguz habarlary».