Belentsiň, bakysyň, berkarar Diýar!

2 Oktýabr 2024
407

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda dünýäniň iň täsin paýtagtlarynyň birine öwrülen, «Aziýanyň merjeni» diýen ada eýe bolan ak mermerli Aşgabadymyz Milli Liderimiziň başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmegi bilen ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ylmy-innowasion ösüşiň iň täze gazananlary bilen milli binagärligiň dürdäneleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy arkaly üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň baş maksady halkymyz üçin ýokary ýaşaýyş şertlerini üpjün etmekden, döredijilikli zähmetiň we eşretli dynç alşyň ähli amatlyklaryny döretmekden ybaratdyr. Ýeri gelende bellesek, Aşgabat taryhyň örän kyn hem-de çylşyrymly pursatlaryny hem başdan geçirdi. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilen gijede bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly sanlyja sekuntda uly zyýan çekdi.

Şol ýyllarda iň ýönekeý ýaşaýyş-durmuş şertlerinden kesilen hem bolsa, aşgabatlylar öz şäherlerini taşlap gitmändirler, mähriban şäherlerini dikeltmek işlerine ýürekden we göwün islegleri bilen janypkeşlikli goşulypdyrlar. Gysga wagtda şäherde ýaşaýyş täzeden janlanypdyr. Iki günüň içinde demirýol gatnawy we bir aýyň dowamynda senagat önümçiligi ýola goýlupdyr. Aşgabady dikeltmegiň baş meýilnamasy işlenip düzülipdir, şäherde täze görnüşdäki jaýlar gurlupdyr.

Selbi SAPARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.