Bagtyýar durmuşyň guwanjy

2 Oktýabr 2024
413

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşler bilen barha öňe barýar. Içeri we daşary syýasatda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda ösüşli sepgitlere eýe bolunýar.

Adamzadyň taryhynda her bir ýylyň özüne mahsus taryhy seneleri, ýatda galyjy üstünliklere beslenen wakalary bolýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bolsa, halkymyzyň agzybirligi, jebisligi, zähmetsöýerligi netijesinde üstünlikleri özünde jemlemek bilen, il-günümizi, Garaşsyz ýurdumyzy şan-şöhrata besleýän ýyllaryň birine öwrülýär.