Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi il-güne geňeş salmak we halk bilen maslahatlaşmak ýaly asylly däplerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dabaralanýandygynyň subutnamasy boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy» diýen at bilen geçirilen maslahat hem asyrlardan aşyp gelýän ýörelgelerimiziň kämil mekdebi bolan Halk Maslahatynyň taryhy mejlisine bagyşlandy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän adamlaryň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Muny işjeň häsiýetde geçen maslahatdaky buýsançly çykyşlaram subut etdi.