Ýurdumyzyň ýaraşygy ýaşulular

2 Oktýabr 2024
358

Dilleri senaly aksakgal gojalar, mährem eneler, zähmet weteranlary Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren baýramçylyk dabarasynyň arzyly myhmanlary boldular. Baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezdigi, eziz Diýarymyzda il‑ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň her birine pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly badalga berilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiziň joşgunly çykyşlary dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabaranyň dowamynda il-sylagly ýaşululara, mährem enelere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan». Surata düşüren Alýona PAKULOWA.