Halkyň alkyşy

24 Sentýabr 2024
465

Zamana saýlaýar gahrymanlary,
Beýikleri beýik işler döredýär!
Geçip Arkadagyň menzil-mekdebin,
Asylzada peder ýolun ýöredýän
Arkadagly Serdar!
                                   Gahryman Serdar!
 Dünýä ady bilen gelen Serdarsyň!
Milletiň yrylmaz ynam-ygrary,
 Päk umydy bilen gelen Serdarsyň!
 Döwletli ojagyň,
                                             halal ojagyň
Öçmez ody bilen gelen Serdarsyň!
Size jan ynanan iller hakyna,
Ertelere barýan ýollar hakyna,
Gül Watana,
Giň jahana derkarsyň!

«Döwlet gonsa, goç ýigidiň başynda,
Hemaýatly ili gerek daşynda!».
Dana Pyragynyň pendi berjaýdyr.
Bu iller –
                               dünýe deý gadymy iller
Serwerine sagadatly türkmendir!
Sahawatly, adalatly türkmendir!
Gahrymany bolup bu beýik halkyň,
Heňňam çarhyn ertirlere aýlamak
Mizemez ynamdan,
                                    polat erkdendir!

Kakamyrat REJEBOW.