Gud­rat kän geç­mi­şe zy­ýa­rat kyl­saň...

23 Sentýabr 2024
646

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň gadymy, baý medeni mirasyny, şöhratly taryhyny, arheologik ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmek, olary geljek nesiller üçin gorap saklamak döwrüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň şöhratly durmuş ýoluny, asyrlaryň gatlarynda galan edermenliklerini, aň-bilim babatda dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan merdana pederlerimiziň bitiren işlerini wagyz etmek olary ruhy taýdan mertebelemekdir.

Halkymyzda sopuçylyk ylmynda yz goýan, il arasynda Gözli ata ady bilen tanalýan şahsyýet bilen bagly gyzykly rowaýatlar bar. Türkmen halky beýik şahsyýetleriniň mertebesini hemişe belentde saklaýar. Ruhy pederimiz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem Gözli ata barada beýan edilýän setirlere duşmak bolýar:

Gözel AMANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.