Rysgal-berekediň gözbaşy

8 Sentýabr 2024
621

Hormatly Prezidentimiz 30-njy awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigine, bu möwsümi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Golaýda Balkan welaýatynda bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanyp maslahat geçirildi. Soňra Gyzylarbat etrabynyň «Batly mülkdar» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň geçýän ýeri baýramçylyk keşbine beslendi.

Bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu ýerdäki ajaýyp sahnada tanymal bagşy-sazandalaryň şirin aýdym-sazlary, welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň çykyşlary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Rahym SEÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň esasy hünärmeni.