Bugdaý ekişine taýýarlykly gelindi

6 Sentýabr 2024
403

Oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan — güýzlük bugdaý ekiş möwsümini ýokary hilli we agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin daýhanlarymyz irginsiz zähmet çekýär. Ýakynda ýurdumyzyň welaýatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi, hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine girişildi.

Ahal welaýaty boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekmäge 195 müň gektar ýer talabalaýyk taýýarlanyldy. Şonça ýerden geljek ýyl 400 müň tonna guşgursak däne ýetişdirmek maksat edinilýär.

Şöhrat ABDYÝEW.