Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi

4 Sentýabr 2024
370

Her bir dänäň müň bolsun!

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki wagtda ekişiň ýakynlaşandygyna görä, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň talaplaryna görä, irgözin we ýokary hilli geçirmegiň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belläp, ekiş möwsüminde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 4-nji sentýabryndan bugdaý ekişine ak pata berýändigini aýtdy we asylly däbimize laýyklykda, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.