Yhlasly zähmetiň üstünlikli netijesi

3 Sentýabr 2024
462

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek we ilatyň gök-bakja, miwe, däne önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak baradaky öňde goýan belent wezipelerinden ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Isgender» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçileri şu ýyl bugdaý meýdanlaryndan bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryna üstünlikli hötde geldiler. Daýhan birleşigiň ussat kärendeçisi Baýrammämmet Çopanow şu ýyl özüniň ideg edýän 40 gektar bugdaýly meýdanyndan 185 tonna bugdaý hasylyny alyp, şertnamalaýyn borçnamasyny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etmegi başardy.

häzirki wagtda tejribeli kärendeçi 5 gektar ýerde hasyla duran gowaçaly meýdanyna ideg etmek bilen, «ak altynyň» bol hasylyny almak üçin agrotehnikanyň talaplaryndan ugur alyp, has-da yhlasly işleýär. «Çekseň zähmet – ýagar rehnet» diýleni. Kärendeçiniň tutanýerli zähmeti netijesinde gowaçalardan oňat gögeriş alnyp, ideg işleri talabalaýyk geçirildi. Maşgala agzalarynyň yhlasly zähmeti özüniň oňat netijesini hem berdi. Munuň şeýledigini gowaça meýdanlarynda ak hanalaryny güjeňläp oturan gozalar hem habar berýär.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.