Halypa bilen duşuşyk

18 Iýul 2024
688

Başlangyç synplarda okaýarkam, Türkmenistanyň halk bagşysy Ilaman Annaýewiň ogly, ussat bagşy Begmyrat Annaýew kakam Osman bagşynyň ýanyna ýygy-ýygydan gelerdi. Kakam Begmyrat aga bilen gyzykly gürrüňler edip, aýdym aýdyp, saz çalyp oturardylar. Kakamyň Begmyrat halypadan birnäçe aýdymlaryň sözlerini ýazyp alany ýadymda. Kakam oňa halypalar bilen bagly sowal bererdi, halypa-da dutar çalyp oturyşyna säginip, oňa jogap bererdi.

Aradan ýyllar ötdi. Goňşy obadaky bir toýa bagşy diňlemek üçin ýörite gitdim. Toýda egni gyrmyzy donly, silkme telpekli ýöräp barşyna Begmyrat bagşy bilen salamlaşdym. Bagşyň yzyndan eli dutar-gyjakly gelýän ogly hem gyjakçysy Süleýman Annaýew meni tanap: «Ýör, biz bilen, bir-iki nama aýdarsyň» diýip, elime dutary tutdurdy. Soňam: «Kaka, bu ýigide bir-iki nama aýtdyraýaly» diýip, kakasyna ýüzlendi. Begmyrat halypa-da: «Aýtsyn, diňläli» diýdi.

Akmyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni, dessançy bagşy.