Arkadag medeniýeti asyrlaryň jümmüşinden uzak geljege...

17 Iýul 2024
607

Täze döwürleriň döremegi milletiň ýaşaýyş-durmuşyny özgerdýär. Durmuşyň özgermegi bilen bolsa ähli zatlar üýtgeýär, kämilleşýär, täzelenýär we has baýlaşýar. Bu hadysa halkyň ýaşaýyş medeniýeti, sungaty, döredijiligi babatda hem şeýledir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde täze özgertmeler, täze galkynyşlar peýda boldy.

Bu täze zamanada Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde dörän täze şäher döwrüň iň kämil eseri hem-de asyra şan berjek beýik işi hökmünde halkyň taryhynda täze sahypany açdy.

Aýbölek REPBIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.