Beýik nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy halkyň kalbynyň owazydyr, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy bolsa tapylgysyz hazynasydyr. Söz ussadynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, aýdyň ýoly salgy berýär. Akyldar şahyrymyzyň setirleri nakyla öwrülip, halkyň arasynda giňden ýaýrandyr. Her bir adam dana şahyry işde we durmuşda öz hemaýatçysy hem mugallymy hasaplaýar.
Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Akyldar şahyryň edebi mirasy diňe türkmen iliniň däl, umumadamzat kalbynyň gözgüsidir.