Bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny ýene bir ýola subut edýär

7 Iýun 2024
620

Ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyz bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň gerimli taslamanyň başyny başlady. Şunuň bilen baglylykda, 5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakasydyr.

ENERGIÝA HALKASYNYŇ GURLUŞYGY 3 TAPGYRDA AMALA AŞYRYLDY

«Nesil».