Köňüller, ýürekler bir bolup başlar

7 Iýun 2024
776

Sergin maýyň 17-sinde türkmen halkynyň taryhy ykbalyna şanly sahypalar ýazyldy. Şol gün merjen paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda sözlän sözünde: «Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip belledi. Bu jümlelerde Türkmenistan Watanymyzyň ähli raýatynyň, halkymyzyň ogul-gyzlarynyň gursagynda ýaşaýan hakykat jemlenen. Biz bu hakykata akyldar şahyrymyzyň ýadygärligine we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp görenimizde ýene bir gezek göz ýetirdik.

Owalbaşda söz bilen bina bolan älem-jahanyň ähli pähim-paýhasy-da ýene sözde jemlenýär. Özi-de hut adamzat taryhynyň iň beýik akyldarlarynyň sözlerinde jemlenýär. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas älemine eltýän çelgiler bolsa Milli Liderimiziň köňül kelamy bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygrynda jemlenipdir. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar. Magtymguly atamyz öz şygrynda «Sözüm ýerde galmaz, diýdigim geler» diýipdir. Bu şeýle-de boldy:

Muhammetnur MAHTUMOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.