Umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy

7 Iýun 2024
546

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy milletimiziň parasat ummanydyr. Ol türkmeniň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, edebi gymmatlyklarynyň, şol sanda Garaşsyzlyk, berkararlyk pelsepeleriniň kemala gelmegine ägirt goşant goşan danadyr.

Beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet islärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Şu döwletli döwranda akyldar şahyryň hormat-sarpasy hem görlüp-eşidilmedik derejede belentliklere göterilýär.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.