Bitewülik — abadançylygyň baş şerti

7 Iýun 2024
578

ýa-da hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparyndan soňky oýlanmalar

Ynsanyň asyl maksady — durmuşy ýeňilleşdirmek, geljegi aýdyňlaşdyrmak, umuman, ösüşe, özgerişe tarap hereket etmek. Maksada ýetmek üçin bolsa döwür bilen aýakdaş ýöremeli, durmuşyň zerurlyklaryna bolan islegiňi kanagatlandyrmaly. Köp adamda: «Olar haýsy zerurlyklar?» diýen sowalyň dörän bolmagy-da mümkin. Meselem, olaryň biri elektrik çeşmesi. Bu serişde diňe bir garaňkylygy ýagtyldyjy çeşme bolman, köp babatda, adamzadyň ýygy-ýygydan ulanýan, hatda onuň ösüşi üçin-de möhüm zerurlyklaryň biridir. Şonuň üçinem röwşenlik — ýagtylyk bizde gowulykdan nyşan hasaplanýar.

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.