Bütindünýä sport baýramy

7 Iýun 2024
464

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, halkymyzyň, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine çekilmegi babatda zerur işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle möhüm çäreler şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar bilen utgaşyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününde bagtyýar raýatlarymyzda aýratyn ruhubelentligi döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde köpçülikleýin welosiped ýörişini geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara, sebitara sport guramalary we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Hyzmatdaşlyklar Türkmenistanyň bu ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýän Rezolýusiýanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde bolsa ýene-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky alyp barýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygynyň ykrarnamasy boldy.

Aýgözel ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.