PYRAGY WE DÜNÝÄ MEDENIÝETI

19 Maý 2024
766

18-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň bölümçesiniň mejlisi geçirildi. «Magtymguly Pyragy we dünýä medeniýeti» diýlip atlandyrylan bölümçäniň mejlisine Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew we beýleki ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdy. Halkymyzyň asylly däplerine eýerilip, myhmanlar duz-çörek bilen garşy alyndy. Talyplaryň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary bu çärä baýramçylyk ruhuny çaýdy.

Mejlisde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary S.Raýew we beýleki myhmanlar çykyş edip, beýik şahyr, meşhur filosof Magtymguly Pyragynyň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň birine öwrülip, umumadamzat medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan şahsyýet derejesine göterilendigini bellediler. Olar öz ýurtlarynda beýik akyldaryň mirasyny öwrenmek hem-de wagyz etmek babatda ýerine ýetirilen işler we göz öňünde tutulýan çäreler barada gürrüň berdiler.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby.