Bagtly geljegiň bähbidine

8 Maý 2024
849

Ata Watanymyzyň geljegi ýaşlaryň elinde. Bu ajaýyp hakykat tutuş jemgyýetimizden ýaş nesliň ylymly-bilimli, başarjaň, watansöýer, arassa ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak meselelerini ileri tutup çözmegi talap edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Olarda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak meseleleri hem nazarda tutulýar. Sebäbi diňe hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşup, durmuşda özleriniň mynasyp orunlaryny tapyp bilerler.

Öňden bellenilenleri üstünlikli durmuşa geçirmek işine saglygy goraýyş işgärleri hem netijeli gatnaşýarlar. Biz beýleki kärdeşlerimiz bilen birlikde ilatyň psihiki saglygyny goramak ugrunda anyk we maksatlaýyn işleri alyp barýarys. Ýaşlaryň arasynda ýüze çykýan keselleri bejermek bilen birlikde olaryň döremegine getirýän sebäpleri öwrenip, olary aradan aýyrmak ugrunda ýadawsyz aladalanýarys. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gözegçilikler ýaşlaryň kadaly ösmegini gazanmakda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygyny ynandyryjylykly subut etdi. Bu ugurdan Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezýän göreldeleri ýaşlarymyz üçin nusgalyk mekdepdir.

Aýjemal ÝAGMUROWA,
welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň serhetdeş ýagdaý bölüminiň psihiator lukmany.