Öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýeti

26 Aprel 2024
801

Mälim bolşy ýaly, 2005-nji ýylyň aprelinden başlap, köp ýurtlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň teklibi boýunça her ýyl immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. Onuň esasy maksady ata-eneleriň, hossarlaryň, saglygy goraýyş işgärleriniň, ýolbaşçylaryň arasynda immunizasiýanyň ähmiýeti barada wagyz-nesihat işleri arkaly öňüni alyş sanjymlarynyň gurşawyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýäde immunizasiýa we öňüni alyş sanjymynyň ähmiýeti bilen baglylykda ähli adamlaryň saglygyny hem-de abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işleri alyp barýar. Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi hem dünýäde iň üstünlikli saglyk çäreleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Bu möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işler hem barha giň gerime eýe bolýar. Immunizasiýa hepdeligi 2007-nji ýyldan bäri geçirilip, şu ýyl ol aprel aýynyň ahyrky hepdesine meýilleşdirildi. Şu günler hepdeligiň çäginde immunizasiýanyň ähmiýeti barada giňişleýin wagyz-nesihat işleridir habar beriş çäreleri geçirilýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.